Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi (TKAMM) öz işini Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Bedimuhamedowyň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgeden ugur alyp, Milli Liderimiziň ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, ösüşiň ähli ugurlarynda ýetilen beýik sepgitleri, wagyz-nesihat etmek bilen, olaryň ähmiýetini we many-mazmunyny halk köpçüligine ýetirmekde guramaçylyk, medeni-köpçülik çärelerini yzygiderli alyp barýar hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmakda saldamly goşant goşýar.
1995-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esaslandyryjy gurultaýy geçirildi. Gurultaý Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Maksatnamasyny we Tertipnamasyny kabul etdi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary öz agzalarynyň zähmet, durmuş-ykdysady hukuklaryny we bähbitlerini aýan etmek, durmuşa geçirmek hem-de goramak üçin umumy bähbitleri bolan raýatlaryň meýletin birleşmesidir.
Köpugurly türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beyläkde ösdürmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Özbegistanyň Kärdeşler arkalaşyklary federasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
2018-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň düzüminde 14 pudak, 5 welaýat, 9 şäher, 45 etrap, 6898 ilkinji guramalary hereket edýärler we olarda 1 136 249 agza hasapda durýar. TKA-da 40-dan gowrak milletleriň we halkyýetleriň wekilleri bar, olaryň 90 göterime golaýy türkmenlerdir. KA-nyň agzalarynyň umumy 42,7 göterimi zenanlar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
1995-nji ýylyň 28-nji aprelinde I esaslandyryjy gurultaýy,
2001-nji ýylyň 4-nji maýynda II gurultaýy,
2012-nji ýylyň 28-nji noýabrynda III gurultaýy,
2013-nji ýylyň 23-nji fewralynda nobatdan daşary IV gurultaýy,
2014-nji ýylyň 12-nji aprelinde nobatdan daşary V gurultaýy bolup geçdi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary
(jemgyýetçilik guramanyň ady)
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň düzümi
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýokary guramasy - Gurultaý.
Pudaklaýyn Kärdeşler arkalaşyklary;
TKA-nyň welaýat guramalary;
TKA-nyň şäher guramalary;
TKA-nyň etrap guramalary;
TKA-nyň Pudaklaýyn KA, welaýat, şäher, etrap guramalarynyň ýokary guramasy – konferensiýa;
TKA-nyň ilkinji guramalarynyň ýokary guramasy - ýygnak.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezine degişli bolan binalary
1. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň buýurmasy esasynda Aşgabat şäheriniň Gökdere jülgesinde gurlan we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2007-nji ýylyň 25-nji maýynda ulanylmaga berlen 150 orunlyk “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi çagalaryň saglygyny dikeltmek hem-de olaryň dynç alşyny guramak üçin niýetlenendir. Merkeziniň umumy tutýan meýdany 5ga barabardyr. Merkezde tomus möwsümi döwründe dowamlylygy 20 günden ybarat bolup, 3 tapgyr çagalar kabul edilýär.
2. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň buýurmasy esasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlup 2010-njy ýylyň 1-nji iýunynda ulanylmaga berlen “Daýanç” sagaldyş merkezi Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatymyzyň saglygyny dikeltmek hem-de olaryň dynç alşyny guramak barada edýän atalyk aladalarynyň miwesidir. Merkeziniň umumy tutýan meýdany 7,3 ga bolup, ol ýerde ulularyň 120 siniň we mekdep ýaşly çagalaryň 280-siniň bir wagtda rahat dynç almaklary we wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Merkeziň çagalara degişli bolan umumy ýaşaýyş toplumynda tomus möwsüminde dowamlylygy 10 günden ybarat bolup, 6 tapgyr çagalar kabul edilýär.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 2018-nji ýyla çenli Gök guşak zolagynda ekilen baglaryň jemi 14330 sany. Şol sanda: