Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÄZE KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 25 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­rasyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly kita­by­nyň eli­mi­ze go­wuş­ma­gy we­la­ýa­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň şat­ly­gy­na şatlyk go­şup, kalp­la­ry­na yl­ham ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hal­ky­my­zyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da dö­re­den mil­li ýö­rel­ge­le­ri­ne, asyr­la­ryň do­wa­myn­da sün­nä­läp, ke­ma­la ge­ti­ren asyl­ly däp-des­sur­la­ry­na ba­gyş­la­nan tä­ze ki­ta­bynyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry­na we­la­ýa­ty­myz­da giň ge­rim be­ril­di.

ÖŇŇIN welaýat merkezindäki Medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Welaýat derejesindäki dabarany welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de welaýat Medeniýet müdirligi bilelikde gurady. Oňa edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar, il sylagly ýaşululardyr mährem eneler gatnaşdy.

Dabarany welaýat häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygy Jennet Geldymamedowa açyp, oňa gatnaşyjylary şu şanly günlerde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynyň neşir edilip, okyjylara gowuşmagy bilen gyzgyn gutlady hem-de täze eseriň terbiýeçilik ähmiýeti hakynda gürrüň etdi. Onuň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan, giň okyjylar köpçüligine niýetlenen täze kitabynyň il-günümize: «Eziz il-halkym! Asmandan arkaly, Zeminde zynatly ajaýyp Watanymyzyň taryhynyň beýik eýýamyna gadam basdyk. Bu eýýamyň anyk mazmuny adam gymmatlygynda jemlenendir» diýen jümleler bilen başlanýan ýüzlenmesi bilen açylmagynda halkymyza, ata Watanymyza, ene topragymyza bolan egsilmez söýgi, adam gymmatyna bolan mähirli garaýyş bar, bagtyýarlyk döwrümize buýsanç bar.

Dabarada Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Çary Ýagdyýew, Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Oguljemal Artyklyýewa ýaşuly nesliň wekilleri hökmünde çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň galamyna degişli bolan eserleriň üstüniň täze gymmatly kitap bilen ýetirilmegi bilen baglanyşykly ýürek buýsançly sözlerini, şatlygyny beýan etdiler. Olaryň aýdyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýazýan eserleri, kitaplary ýaşyna garamazdan, her bir adamyň gyzgyn söýgüsine eýe bolup, ýankitabyna öwrülýär. Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitaby hem şeýle eserleriň biri bolar. Bu kitapda halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alan ýol-ýörelgeleri, tebigat bilen ynsanyň arasyndaky gatnaşyklar barada dürli wakalaryň, halkymyzyň döreden rowaýatlarynyň mysalynda beýan edilýär. Onda edebi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dostdoganlyk gatnaşyklary, agzybirlik ýaly gymmatly ýörelgeler özüniň çeper beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, bu eser ýaş nesliň terbiýesinde bahasyz gymmatlyk bolup durýar.

Dabarada Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy Resul Işangulyýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Baýramsoltan Myradowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň başlygy Arslangeldi Gyşykow, Tejen etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy Hojageldi Çaryýew, Meýlismyrat Myradow dagynyň eden çykyşlarynda täze taryhy döwrümizde medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmekde, ýaş nesli ýokary watansöýüjilik, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda milli ýol-ýörelgelerimize bolan buýsanjy ýokarlandyrmakda hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň gymmatynyň uludygyny guwanç bilen bellediler. Olaryň täze kitapdan bölekleri okamaklary dabara gatnaşyjylarda uly täsirleri döretdi.

Dabara gatnaşyjylar «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze ajaýyp kitabyny sowgat etmek bilen, ildeşlerimiziň toý şatlygyny goşalandyrandygy üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.