Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝOKARY GÖRKEZIJILER UGRUNDA

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň milli yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy dü­züm­le­ri­niň bi­ri bo­lan dok­ma pu­da­gy ok­gun­ly ös­ýär we tä­ze be­lent­lik­le­re ýet­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu puda­gyň esa­sy­ny döw­re­bap fab­rik­le­riň, kuw­wat­ly top­lum­la­ryň, önümi gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ryň on­lar­ça­sy düz­ýär. Tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de iş dep­gin­le­ri­ni bar­ha ýo­kar­lan­dyr­ýan şeý­le hä­zir­ki zaman kär­ha­na­la­ryň bi­ri-de Bä­her­den et­ra­byn­da­ky Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Dok­ma fab­ri­gi­dir. Mu­kad­des Ga­raş­syz­lygy­my­zyň şan­ly 29 ýyl­lyk to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Bä­her­den et­rap bir­leş­me­si­niň baş­langy­jy esa­syn­da bu kär­ha­na­da bo­lup, on­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­ma­gy ma­kul bil­dik.

Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan Bäherden etrabyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Dokma fabriginde bolanymyzda, onuň hünärmeni, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Öwezguly Aliýew bize önümçilik bölümlerinde işleriň ýola goýluşy bilen tanyşdyrdy. Hünärmeniň gürrüň berşi ýaly, fabrigiň esasy önümçilik işi dokma taýýarlaýyş bölüminde alnyp barylýar. Bölümde ýaşlaryň ýüzlerçesi agzybirlikde zähmet çekmek bilen, kämil tehnologiýa enjamlaryny saz dolandyrmagyň hem-de ýerli çig maldan ýokary hilli matalary öndürmegiň hötdesinden gelýärler.

Fabrikde alnyp barylýan önümçilik işinde türkmen topragynda ýetişdirilen “ak altynyň” süýüminden taýýarlanan ýokary hilli ýüplükler ulanylýar. Önümçilik bölüminde oturdylan kämil tehnologiýa enjamlary agyr planel, ýeňil planel, kriton we ranfors görnüşli ýokary hilli matalary öndürmäge mümkinçilik berýär. Nah ýüplüginden öndürilýän matalaryň agzalan görnüşleri dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Geçen ýyllaryň dowamynda fabrikde öndürilen matalar dünýäniň ençeme döwletine eksport edildi. Ýokary hil görkezijileri boýunça tapawutlanýan bu matalar içerki we daşarky bazarda iň islegli önüm bolmagynda galýar.

Ýurdumyzyň naýbaşy baýramynyň — mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň uludan toý edilýän ýylynda fabrigiň zähmet gadamlary has-da batlanýar. Munuň şeýledigine fabrikde aýma-aý gazanylýan iş görkezijileri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Has takygy, bu ýerde şu ýylyň geçen 8 aýynda 21 million 183 müň inedördül metr mata öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103 göterim ösüş gazanyldy.

Fabrikde öndürilýän matalaryň önümçiliginiň barha artmagynda we önümiň hiliniň ýokary bolmagynda Bahargül Mämmedowa, Täzegül Saparowa, Annagül Mommadowa, Aýjan Amangulyýewa ýaly işçi-hünärmenleriň saldamly goşantlary bar. Birnäçe ýyldan bäri fabrikde zähmet çekmek bilen, baý iş tejribe toplan bu gelingyzlar dürli medeni-köpçülik işlerine, bäsleşiklere hem yzygiderli gatnaşýarlar. Üstümizdäki ýylda fabrikde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň birnäçesi ene-mamalarymyzdan miras galan gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, urp-adatlarymyza goýýan sarpasyny, söýgüsini, olaryň milli lybaslarymyzy bezeýän ajaýyp nagyşlary döretmek boýunça ussatlygyny ýüze çykarmak, şeýle-de ýaşlarda türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, milli lybaslarymyza bolan höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen “Hemişelik Bitarap Diýaryň çeper elli zenanlary” atly bäsleşikde hem ukyp-başarnygyny görkezdiler.

Hawa, Dokma fabriginde alnyp barylýan guwandyryjy işler kärhananyň işçi-hünärmenleriniň ýurdumyzyň dokma pudagynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän dokma önümleriniň ornuny tutýan hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça öňde durýan wezipelere saldamly goşant goşýandygynyň özboluşly dabaralanmasydyr.

 

Aýdo ŞEKEROW, ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.