Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGTYÝARLYK DÖWRÜMIZIŇ WASPÇYLARY

Ýa­kyn­da Ahal we­la­ýat ki­tap­ha­na­syn­da ýurdu­my­zyň ki­tap­ha­na iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da yg­lan edi­len «Ar­ka­da­gyň paý­ha­syn­dan hoş­ni­ýet­li, dostluk­ly gat­na­şyk­la­ryň da­ba­ra­lan­ma­gy» at­ly hü­när bäs­le­şi­giniň we­la­ýat tap­gy­ry­nyň je­mi jem­len­di. Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de yg­lan edi­len hü­när bäs­le­şi­gi­niň bu tap­gy­ry­na we­la­ýat ki­tap­ha­na­synyň, şeýle-de et­rap-şä­her mer­ke­zi ki­tap­ha­na­la­rynyň hü­när­men­le­ri gat­naş­dy.

Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy ähli babatda gülledip ösdürmek, ýurdumyzyň şan-şöhratyny belende götermek babatdaky tagallalaryndan ugur alyp, hemişelik Bitarap döwletimiziň ýeten belent derejelerini, içeri we daşary syýasatda gazanýan üstünliklerini kitaphana işiniň dürli ugurlarynyň üsti bilen wagyz etmek, kitaphanalary sanly ulgama geçirmegiň döwrebap usullaryny kesgitlemek, halkymyzyň bilim derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmek, kitaphanalaryň iş tejribelerini ýurdumyzyň kitaphanalarynyň arasynda giňden ýaýratmak maksady bilen geçirilen bäsleşik kitaphana işgärleri üçin işi guramaçylykly alyp barmakda özboluşly synaga öwrüldi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilen bäsleşigiň aýratynlygy her bir kitaphana bäsleşiginiň şertleri boýunça ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň hasabaty, kitaphanalaryň resminamalarynyň talaba laýyklygy, resminamalaryň saklanyşynyň, kitaphanalarda gurnalan sergileriň, katalog-kartotekalaryň at ýazgylarynyň, görkezijileriniň, kitaphananyň ähli bölümleriniň bezelişiniň wideoýazgysy we her pursatdan fotosurat hödürlendi.

Ahal welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşikde kitaphanalaryň ýylyň dowamynda görnükli ýazyjy-şahyrlaryň belli senelerine bagyşlap okyjylar konferensiýasyny, wideoşekilli teleköpri söhbetdeşligini geçirmek bilen baglanyşykly şertleri ýerine ýetirişleri uly gyzyklanma döretdi. Döwlet Baştutanymyzyň galamyna degişli kitaplara syn bermek hem bu bäsleşigiň bir şerti boldy. Bäsleşikde kitaphanada zähmet çekýän hünärmenleriň erkin çykyşlaryna hem uly orun berildi. Bäsleşigiň şu şerti bilen baglanyşykly edebi-sazly kompozisiýalar, sahna oýunlary, çeper okaýyşlar eminler tarapyndan gyzgyn garşylandy, şeýle-de kitaphana hünärmenleriniň ýylyň dowamynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli, teleradioýaýlymlarda eden çykyşlarynyň sanawy, wideoýazgysy, gazet-žurnallarda çap edilen makalalaryna hem seredildi.

Bäsleşigiň şertleriniň ählisi hem özüne çekiji we täsirli boldy. Onda aýratyn tapawutlanan kitaphana öňe saýlandy. Şeýlelikde, «Arkadagyň paýhasyndan hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklaryň dabaralanmagy» atly hünär bäsleşiginde Ahal welaýat kitaphanasy, Tejen etrap merkezi kitaphanasy ýeňiji bolup, döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňiji bolan kitaphanalaryň işgärlerine bäsleşigi guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy.

 

Jahangül GARLYÝEWA, Ahal welaýat kitaphanasynyň Hyzmat etmek bölüminiň müdiri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.