Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÖWLETLI IŞLERE GOŞANT

Tejen şäherindäki takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän 12-nji orta mekdepde ýokary synp okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde maslahat geçirildi. Ony Tejen şäher we etrap polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik bölümçesi, şäher hassahanasy, şäher bilim bölümi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesi bilelikde gurady.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň halkymyz tarapyndan uly goldaw tapýandygyny hem-de özüniň oňyn netijelerini berýändigini bellediler, bu giň göwrümli çäräniň wajyp ähmiýetini nygtadylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu gün gözel Diýarymyz barha gözelleşýär. Giň we nurana döwrebap ýollar gurulýar, ozaldan bar bolanlarynyň durky täzelenip, degişli ýol belgileri bilen üpjün edilýär, olarda pyýadalara niýetlenen geçelgeler göz öňüne tutulýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, adamlaryň howpsuz hereketi, ýolulag hadysalarynyň ýüze çykmazlygy üçin wajyp bolup durýar.

Maslahatda nurana ak ýollardan geçilende seresaply bolmak, degişli ýol hereket düzgünlerini we kadalaryny berjaý etmek boýunça degerli öwüt-ündewler berildi. Oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygyny goramak, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek babatynda amala aşyrýan dünýä nusgalyk işlerine hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Bahar PATJAÝEWA, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.