Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DOKMA ÖNÜMLERINIŇ TÄZE DÜKANLARY

Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda 100 göterimi hem pagtadan taýýarlanýan, ekologiýa taýdan arassa önümler hökmünde dünýäde ykrar edilen «Gala», «Nusaý», «Goza», «Bedew», «Bürgüt» ýaly onlarça haryt nyşanly önümlere isleg barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň çar künjeginde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan dokma toplumlarynyň önümleri satylýan söwda nokatlarynyň onlarçasy hereket edip, olaryň täzeleri hem yzygiderli açylyp, ulanmaga berilýär.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 17-nji iýunynda paýtagtymyzyň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda milli dokma önümlerimize ýöriteleşen täze dükanlaryň bäşisi açylyp, müşderilere hyzmat edip başlady. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda olaryň sany ýene-de artdyryldy. Düýn paýtagtymyzyň Oguz han köçesiniň ugrunda «Nusaý», «Gala», «Altyn asyr çagalar dünýäsi», «TG aýakgaplar», «Bürgüt» atly täze dükanlaryň açylyşy boldy. Täze dükanlarda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, elýeter bahaly önümler alyjylara hödürlenip, erkekler, zenanlar üçin, aýratyn hem, kiçi ýaşly çagalar üçin niýetlenen egineşikler daşky görnüşi, biçüwi, döwrebaplygy bilen has-da özüne çekýär.

«Altyn asyr çagalar dünýäsi» dükanynyň satyjysy Ogulşat Ataýewa bilen gürrüň­deş bolanymyzda, ol häzirki wagtda Dokma senagaty ministrligine degişli bolan tikinçilik fabriklerinde dürli ýaşdaky çagalar üçin owadan lybaslaryň, torbalaryň taýýarlanýandygyny, paýtagtymyzyň gözel künjeginde açylan täze dükanda bolsa çagalar üçin niýetlenen dürli ölçegdäki lybaslaryň, başgaplaryň, torbalaryň, şeýle-de sport egin-eşikleriniň, ýeň­li we ýeň­siz eşikleriň körpeje alyjylara hödürlenýändigini gürrüň berdi.

«TG aýakgaplar» dükanynda «Türkmen galkan» aýakgap kärhanasynda öndürilýän aýakgaplardyr bilguşaklar, şeýle-de Gökdepe gön zawodynda taýýarlanýan dürli görnüşdäki zenan torbalary alyjylaryň ünsüni özüne çekýär. 1997-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän kärhanada erkekler, zenanlar üçin arassa deriden aýakgaplaryň dürli görnüşi öndürilýär. Berkligi, suwa çydamlylygy bilen tapawutlanýan aýakgaplar üçin çig mal Gökdepäniň hemde Marynyň gön zawodlaryndan alynýar.

Dükanlaryň açylyş dabarasynda Dokma senagaty ministrliginiň Gypjakdaky dokma toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Mähri Lollykowa bilen söhbetdeş bolduk. Ol bize zähmet çekýän kärhanasynyň önümleri dogrusynda şeýle gürrüň berdi:

— Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda biziň dokma toplumlarymyzda öndürilýän dürli görnüşdäki önümlere bolan isleg barha artýar. Dokma toplumymyz 1997-nji ýyldan bäri ýokary hilli dokma önümlerini öndürip, bu ugurda uly tejribe toplady. Häzirki wagtda dokma toplumymyza degişli bolan «Bürgüt» haryt nyşanly dokma önümlerini alyjylara hödürleýän dükanymyz açylyp, ulanmaga berildi. Onda dürli ýaşdaky adamlar üçin niýetlenen trikotaž önümlerimiz müşderilere hödürlenip, olar ýylyň ähli paslynda çagalar, ýetginjekler, uly ýaşly raýatlarymyz üçin niýetlenendir.

Gypjakdaky dokma toplumymyzda pagta ýüplügi bilen poliestr garyşyk ýüplüginden sport lybaslarynyň täze görnüşleri taýýarlanýar. Poliestr garyşyk ýüplükden öndürilen lybaslar rahatlygy hem-de berkligi bilen tapawutlanýar.

Täze dükanlar bilen tanyşlygymyzyň dowamynda alyjylaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolduk. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Gülälek Baýramalyýewa täze dokma önümleri baradaky pikirini paýlaşdy:

— Garaşsyzlyk toýumyza, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramyna barýan günlerimizde paýtagtymyzda Dokma senagaty ministrligine degişli bolan dükanlaryň birnäçesi açylyp, ulanmaga berildi. Täze açylan dükanlaryň ilkinji alyjylary bolandygymyza begenýäris. Bu ýerden deriden tikilen aýakgap hem-de zenanlaryň ýantorbasyny almak isleýärin. Ýokary hili bilen tapawutlanýan egin-eşiklerdir aýakgaplar, ýantorbalar baha babatda hem amatly.

Hawa, täze dükanlaryň açylyp, ulanmaga berilmegi ildeşlerimiz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Olar islendik wagt paýtagtymyzyň dürli ýerinde ýerleşýän söwda nokatlaryndan öz islän egin-eşiklerini, aýakgaplaryny alyp bilýärler.

 

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW. «Türkmenistan».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.