Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GOWAÇALY PELLERDE

Oba hojalygynda pagtaçylyk girdejili pudak. Ýylyň-ýylyna ýokary hasyl alyp, Watan harmanynyň beýgelmegine mynasyp goşant goşýan tagtabazarly ezber kärendeçilerimiz bu möwsümde hem hormatly Prezidentimiziň ak patasyndan ruhlanyp, pagta ýygymyna gyzgalaňly girişdiler. Pellerdäki bol pagta hasyly göwnüňi göterýär.

Etrabyň «Marçak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nursoltan Akyýewanyň, «Saryýazy» daýhan birleşiginden kärendeçi Perdeli Saparowyň, «Azatlyk» daýhan birleşiginden kärendeçi Tohtagül Seýitjanowanyň ýygymda görkezýän netijeleri öwgä mynasyp. Kärendeçiler pagtanyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap, döwletimize tabşyrmak üçin billerini berk guşap işleýärler. Daýhanlaryň zähmet ýeňişleri ildeşlerimiziň göwünlerini göterýär.

Kärendeçilerimiz ýer eýelerini suw, mineral dökünler, tehnikalar bilen üpjün edýän, işlemäge amatly şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyklaryny beýan edýärler.

 

Ýazdurdy ABDYRAHMANOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.