Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝOL ABAT — IL ABAT

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine bagyşlanan çäreleriň biraýlygy giň gerim alýar. Bu çäreler köçelerdir ýollarda ulaglar, pyýadalar bilen baglanyşykly ýaramaz hadysalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny, şeýle hem sazlaşykly hereketi üpjün etmek ugrunda döwlet derejesinde alnyp barylýan esasy tagallalaryň biridir.

Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän täze döwrebap ýollaryň gurulmagy we abadanlaşdyrylmagy, olaryň döwrebap ýol yşyklary, ýol belgileri, pyýadalar üçin ýanýodalary, ýerasty we ýerüsti geçelgeler bilen üpjün edilmegi — bularyň ählisi ýol hereketiniň howpsuzlygy — adamlaryň ömrüniň rahatlygy üçin amala aşyrylýan işlerdir.

Raýatlarymyzyň saglygyny goramaga, abadan durmuşyny we rahat hereketini üpjün etmäge gönükdirilen bu çäreler oňyn netijelerini berýär. Biraýlygyň dowamynda ýurdumyz boýunça ähli edara-kärhanalarda, önümçilik merkezlerinde, orta mekdeplerde hem-de çagalar baglarynda düşündiriş işleri geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri» atly bäsleşigi geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bäsleşigiň etrap we welaýat tapgyrlarynda öňe saýlanan okuwçylar jemleýji tapgyr üçin paýtagtymyz Aşgabatda jemlenişip, ýol hereketiniň kadalary barada degişli öwrenen bilimleri, tejribeleri boýunça güýç synanyşýarlar. Bäsleşige gatnaşyjylar «Nyzamly hatar», «Ýolyşygyň wagyz topary», «Geljekki sürüji», «Ýaş tigirçi», «Ýaş sanitar» ýaly tapgyrlar boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlardyr Hormat hatlary, gatnaşyjylara bolsa ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar.

Ýurdumyz boýunça geçirilýän wagyz-nesihat işlerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary hem mynasyp goşandyny goşýar. Bu il bähbitli çäreleri guramaga Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem işjeň gatnaşyp, degişli edaralarda zähmet çekýän bagbanlar we arassalaýyş işlerini geçirýän işgärler bilen düşündiriş işleri geçirilýär. Ýörite meýilnamalar boýunça geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklary her bir raýatyň saglygynyň, ömrüniň rahatlygynyň goragynda uly ähmiýete eýedir.

Şeýle wajyp işlere badalga beren, türkmen halkynyň abadan durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, ilýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Gülnara BAÝSAHATOWA, Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.