Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MIRAS PAÝYM ― GÜL KEÇÄM

Türkmen keçesi halkymyzyň milli gymmatlygydyr. Keçe sungatynyň taryhynyň çuňlugy ýaly, onuň taýýarlanylyş usuly-da örän täsindir. Bu sungat yzygiderli, köp hysyrdyly zähmeti talap edýär. Welaýatymyzda-da ussat keçeçileriň köpsanlysy bar. Olaryň biri — Hojambaz etrabynyň Burdalyk obasynyň ýaşaýjysy Maýsa SAPAROWANYŇ bu täsin sungat baradaky gürrüňini size ýetirmegi makul bildik.

― Keçe adam saglygy üçin iňňän peýdalydyr. Ol ýeriň çyglylygyndan gorap, birnäçe keselleriň öňüni alýar. Keçäni taýýarlamagyň hysyrdysy özüne ýetik. Bu iş irginsiz zähmeti talap edip, ilki bilen onuň ýörite ýüňüni, gülüni saýlamagy başarmaly. Irki döwürlerden bäri keçe taýýarlamakda esasy çig mal hökmünde goýnuň ýaz we güýz aýlarynda gyrkylyp alynýan ýüňlerini ulanýarlar. Ýüňi gowy ýuwup guratmaly. Guran ýüňi darap, boýamaly. Boýalan ýüňi gurandan soňra ýene-de täzeden daramaly we pişgelemeli.

Keçä gül salmak üçin ýörite gamyşdan çyg dokalýar we ýazylýar. Onuň üstünde keçäniň gülüniň şekili, ýagny, ilki daşy, soň içki bölekleri bölünip goýulýar. Soňra nagyşlamak işleri başlanýar. Ene-mamalarymyz keçe bezeglerine ýaşaýşyň, bagtyň nyşanyny aňladýan «Goçak», «Gülýaýdy», «Tazyguýruk», «Tärim gözenek», «Oňurga», «Zynjyr», «Alaja» ýaly nagyşlary salypdyrlar. Bu nagyşlaryň hersi çuň many-mazmuny aňladypdyr.

Keçäniň bezegindäki goçuň şahyny aňladýan «Goçak» nagşy adamlaryň kömekçisi hökmünde şekillendirilen bolsa, «Sary içýan» nagşy içýanyň şekiline meňzedilendir. Türkmen keçesine görk berýän «Gülýaýdy» nagşynda ýurduň güneşliligi, tebigatyň lälezarlygy beýan edilýär.

«Daragt» nagşy bolsa ömür agajyna meňzedilip, türkmeniň dowamat-dowamlygyny aňladýar. «Tärim gözenek» nagşy türkmeniň ak öýüniň täriminiň gözeneklerini aňlatsa, «Tazyguýruk» nagşy halkymyzyň awçylyk medeniýetinden gelip çykypdyr. «Alaja», «Zynjyr» nagyşlaryny bolsa gözden-dilden gorasyn diýen ynanja eýerip salypdyrlar. Keçe nagyşlarynyň her biriniň täsin taryhy bolup, olar dünýä jahankeşdelerini hem gyzyklandyrýar. Bu bolsa türkmeniň milli mirasynyň dünýä ýüzüne ýaýrandygyny habar berip, biziň üçin diýseň guwandyryjydyr.

Keçäni nagyşlamak işi tamamlanandan soň, ony togalap, düýrýärler. Düýrmegiň üstüne gaýnag suw guýup, çekim işini ýerine ýetirýärler. Bu iş, köplenç, erkek adamlara tabşyrylýar: näçe uly güýç bilen hem-de çalt çekilse, keçe şonça-da gowy bişýär.

Çekim işi gutarandan soň, keçäniň basmak işi başlanýar. Ony derrew gyzgyny bilen basyp başlaýarlar. Basmak işi çäkli wagtyň içinde çalasynlyk bilen gutarmagy talap edýär. Bu keçe sungatynyň beýleki sungatlardan tapawutly tarapydyr.

Keçe doly taýýar bolansoň, ýörite keçe toýuny tutýarlar.

Bu gürrüňleri diňläp, owadan, gülli keçeleri görüp, şeýle sungatyň ýitirilmän dowam edip gelýändigine, ony taýýarlaýan ýörite ussatlara buýsanýarsyň. Ene-mamalarymyz keçe we keçe önümleriniň birnäçe görnüşlerini ussatlyk bilen taýýarlapdyrlar. Olar gülli, gülsüz, sallançak, namazlyk,ojakbaşy, toý we beýleki keçelerdir. Halkymyz keçe taýýarlamak üçin ýyldyzlaryň ýerleşişine üns berip, sähetli güni saýlap alypdyrlar we ýaşulularyň ak pata bermekleri bilen işe başlapdyrlar.

Biziň milli mirasymyzy täzeden dikeltmäge, ösdürmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli, tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

 

Jumagül AÇILOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň jogapkär wekili.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.