Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MÖHÜM MESELELERE GARALDY

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu ählihalk çäresi mynasybetli wagyz-nesihat çäreleri giň gerime eýe bolýar. Olarda biraýlygyň öňünde durýan wezipe barada täsirli gürrüň edilýär.

Golaýda şeýle çäreleriň biri Mary şäherindäki 28-nji orta mekdepde geçirildi. TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň hem-de welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu çärä mekdebiň okuwçylary we mugallymlary, kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleri, PÝGB-niň gözegçileri, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Onda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew, PÝGB-niň gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty Toýly Babaýew, Mary şäher ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiriniň orunbasary, içerki gullugyň uly leýtenanty Wepa Açylow, welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bölüm müdiri Tawus Hojanyýazowa çykyş etdiler. Olar ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy günlerinde öňde durýan wezipeler, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri hem-de ýokanç keselleriň öňüni almak üçin görülmeli çäreler barada giňişleýin durup geçdiler.

 

Baýram AMANOW. “Maru — şahu jahan”.

SURATLARDA: çäreden pursatlar. Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.