Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GARAŞSYZLYK—BAKY BAGTY TÜRKMENIŇ

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Hazar şäher medeniýet bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesiniň, şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň birleşen tagallasy bilen geçirilen çärä bilim, medeniýet işgärleri, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.

«Garaşsyzlyk—baky bagty türkmeniň» ady bilen geçirilen baýramçylyk çäresinde çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyz gazanylandan bäri ata Watanymyzda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler barada aýdyp, amala aşyrylýan beýik işleriň halkymyzyň bähbidine gönükdirilendigini bellediler. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten sepgitleriniň bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolandygy, «Türkmenistan— Bitaraplygyň mekany» ýylyndaky üstünliklerimiziň, eşretli durmuşymyzyň öz gözbaşyny mukaddes Garaşsyzlygymyzdan alyp gaýdýandygy dogrusynda durup geçdiler.

Soňra aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Şäher medeniýet bölüminiň we Garagöl oba medeniýet öýüniň aýdymçylary, «Durmuş ýollary» we «Akjaýar» folklor, çagalar sungat mekdebiniň aýdym-saz we tans toparlary şanly Garaşsyzlygymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda amala aşyrýan beýik işleriniň, türkmen sportunyň waspyny ýetirdiler.

Çäräniň soňunda şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, merkezi kitaphanasynyň, çagalar çeperçilik mekdebiniň guran göçme sergilerine syn edildi.

 

Dursun Diniýewa, Hazar şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.