Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝOLLAR — ASUDA, ILLER — ABADAN

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Etrek etrap şahamçasynyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň kadalaryny bilmek hökmandyr» diýen at bilen wagyz-ündew çäresi geçirildi.

Bilim işgärleriniň hem-de mekdep okuwçylaryň gatnaşmaklarynda geçen çärede çykyş edenler ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmek, esasan-da, sürüjileriň awtoulagy ýokary tizlikde dolandyrmaklarynyň gadagandygy, el telefonlarynda gepleşilýän wagtynda ulaga erk etmeli däldigi hem-de awtoulagyň guratlygyny gözden geçirip durmalydygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Şeýle hem çäräniň dowamynda ýazgylaryň, şekilleriň, çyzgylaryň üsti bilen ýol hereketiniň kadalary hem-de olary dogry berjaý etmek barada ýygnananlara düşünje berildi. Polat Ber­diýew, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Etrek etrap şahamçasynyň wekili.

Ýol hereketi biziň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar, sebäbi biziň her birimiz ýolagçy bolup görýäris. Şonuň üçinem ýol hereketiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmek sürüjiler bilen birlikde, ýolagçylaryň hem borjudyr.

Ýol hereketiniň kadalary ýurdumyzyň ähli ýerinde hereketiň ýeke-täk we hökmany, şeýle-de umumy ykrar edilen tertibini kesgitleýär. Ýol hereketiniň umumy ykrar edilen kadalarynyň hökmany ýerine ýetirilmegine ýol hereketine gatnaşyjylaryň her biri, ýagny sürüjiler, ýolagçylar, pyýadalar jogapkärdirler.

 

Arslan Ora­şow, welaýat Polisiýa müdirliginiň gorag bölüminiň müdiri, polisiýanyň maýory.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.