Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BEÝIK BINALAR GÖRNER...

Häzir tutuş ýurdumyz toý-dabaralaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Baýramçylyk lybasynda bezelen eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanyp açylýan ýaşaýyş jaýlary, dürli maksatly beýleki binalar sanardan köp. Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkeýändiginiň hem-de asuda, parahat durmuşyň alamatyna öwrülen bu okgunly ösüş-özgerişler raýatlarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli ýurduna bolan buýsanjyny, mähriban Arkadagymyza söýgüsini has-da artdyrýar. Welaýat merkeziniň Türkmenistan köçesiniň ugrunda gurlup, ulanylmaga berlen täze ýaşaýyş jaýynyň binasy munuň aýdyň mysalydyr.

Dört gatly on alty öýli ýaşaýyş jaýyny “Bagtyýarlyk ýoly” hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri gurdular. Düýn — hepdäniň çarşenbe güni täze binanyň açylyşyna bagyşlanan dabara bolup geçdi.

Baýramçylygyň öň ýanynda ýaşaýjylara sowgat edilen ýaşaýyş jaýynyň öňündäki meýdança welaýat, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, täze jaýdan öý edinmek miýesser eden maşgalalar ýygnandylar.

Dabaranyň başlanmagy bilen welaýatymyzyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, täze ýaşaýyş jaýyndan öý edinen Kerim Gutlymyradow dagy çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda alyp barýan beýik işleri, taýsyz tagallalary üçin welaýatymyzyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyklaryny aýtdylar. Dabaranyň dowamynda il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary täze binanyň gurluşyk işinde has tapawutlanyp işlän işçileriň ençemesine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurdylar. Soňra olar täze jaýa göçüp gelen ýaşaýjylara öýleriň açarlaryny dabaraly gowşurdylar.

Dabaranyň dowamynda Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň, M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň aýdymçylarynyň we tansçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary toý dabarasyna ajaýyp öwüşgin berdi.

 

Öre HOJAÝEW, öz habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.