Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BEÝIK IŞLERIŇ DÖWRI

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň häzirki günlerinde güneşli Diýarymyz toý-dabaralara beslenýär. Milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşen bagtyýar ilimiz ýene-de sanlyja wagtdan ýurdumyzyň baş baýramyny — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllygyny uludan toý edip, dabaraly belläp geçer. Baýramçylyk ruhy eýýämden bagtyýar ildeşlerimiziň ýüzündäki şatlyk alamatlaryndan mese-mälim duýulýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda döredijilikli zähmetiň joşguny bat alyp, uly üstünliklere ýetmäge ruhlandyrýar. Ildeşlerimiziň her biri baş baýramymyza zähmet sowgady bilen barmak maksadynda aýratyn tutanýerlilik görkezýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat, şäherdir etrap birleşmeleriniň işgärleridir bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalary-da mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny mynasyp derejede garşylamaga tagalla edýärler.

Häzirki günlerde jemgyýetçilik guramamyzyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň: «Biziň jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy adamdyr we onuň baş maksady raýatlaryň abadançylygyny hem-de bagtyýarlygyny üpjün etmekdir, baş ýörelgeleri bolsa ynsanperwerlik, adalatlylyk, agzybirlik we jebislikdir» diýen ganatly jümlelerinden ugur alyp, jemgyýetimizde agzybirligi, jebisligi berkitmek, raýatlaryň döredijilik işjeňligini ösdürmek, zähmet hukuklaryny goramak, zähmetkeşleriň hünär derejesini kämilleşdirmek, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ildeşlerimiz üçin döwrüň talabyna laýyk gelýän iş we dynç alyş şertlerini gurnamak we önümçiligiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak babatynda degişli işleri alyp barýarlar. Şonuň bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, şäher we etrap birleşmeleriniň işgärleri ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratyn-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dürli ugurlarda ýeten belent derejesini, ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we beýleki ugurlarda gazanýan üstünliklerini raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat edýärler.

Ýeri gelende, ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda Ahal welaýatynyň hem düýpgöter özgerendigini, welaýatyň çäginde döwrebap şäherçedir şäherleriň döredilendigini, durmuş-medeni maksatly köp sanly desgalaryň, iri senagat kärhanalarynyň gurlandygyny, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanandygyny bellemegimiz gerek. Ilatyň täze iş orunlary bilen üpjünçiliginde uly öňegidişlikler gazanyldy. Häzirki wagtda bolsa, welaýatyň çäginde iri gurluşyk taslamalarynyň ençemesi amala aşyrylýar. Olaryň iň esasylarynyň biri-de, welaýatyň täze, döwrebap dolandyryş merkeziniň taslamasydyr. Welaýatyň merkezi şäheriniň gurluşygy bu gün güýçli depginde dowam edýär. Mundan başga-da, Gökdepe, Ak bugdaý we Kaka etraplarynda döwrebap obalaryň gurluşyklary alnyp barylýar. Munuň özi Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu zatlaryň ähmiýetini çuň many-mazmuny bilen ildeşlerimize düşündirmegi esasy wezipämiz hasaplaýarys.

Wagyz-nesihat işlerimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň barha rowaçlanýandygy, şonuň netijesinde dünýä döwletleri bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzyň yzygiderli ösýändigi barada hem ildeşlerimize gürrüň berýäris. Biz — jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýändigi üçin hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

 

Maýsa GAÝYPOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň işgäri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.