Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

WEZIPE GÖZÜKDIRIJILERI WE HUKUK ULANYŞ TEJRIBESI

Wezipe gözükdirijisiniň möhüm häsiýetli aýratynlygynyň ýene biri hem onuň zähmet şertnamasy bilen jebis arabaglanyşykda bolmagydyr. Zähmet şertnamasynyň özi hem wezipe gözükdirijisiniň esasy düzgünlerini özünde saklap biler. Şeýle hem bolsa, eger zähmet şertnamasynda işgäriň wezipe borçlary beýan edilen mahaly, oňa diňe bir zähmet şertnamasynda görkezilen borçlary däl-de, eýsem, wezipe gözükdirijisi bilen degişli edilen borçlaryň hem ýüklenilip bilinjekdigi barada salgylanmalar bar bolsa, onda şu ýagdaýyň özi hem kärhananyň resminamalar ulgamynda wezipe gözükdirijisiniň bolmagyny hökmany şert edip goýýar.

Zähmet jedeli ýüze çykan mahaly zähmet düzgün-nyzam etmişi anyklanylanda, işgäriň wezipe gözükdirijisiniň kadalaryny näderejede doly we dogry berjaý edendigi ýa-da etmändigi nazara alynýar. Wezipe gözükdirijisi, kärhananyň içerki hukuk namasy bolmak bilen, mazmunyna, düzümine, resmileşdiriliş we beýan ediliş usulyna bildirilýän özboluşly talaplaryň bolmagyny göz öňünde tutýar.

Wezipe gözükdirijisiniň mazmunyna bildirilýän esasy talaplar hökmünde onuň aýdyňlygyny, maglumat gorunyň ýetikligini we ynandyryjylyklydygyny bellemek bolar. Mazmunynyň aýdyňlygyna onuň aýry-aýry sözlemini, şeýle hem tutuşlygyna ýazgysyny aňryçäk takyk beýan etmek arkaly ýetilýär. Maglumat gorunyň ýetikligi aňryçäk manysyny bermek bilen, ýazga sözlemleri sözleriň mümkin boldugyça az sanlysyny ulanyp goşmak arkaly üpjün edilýär. Mazmunynyň ynandyryjylygy barada aýdylanda bolsa, bu talabyň berjaý edilmegi, ozaly bilen, onuň ýazgysynda many düzümleriniň näderejede yzygiderli ýerleşdirilendigine we resminamanyň tutuş ýazgysynyň näderejede logiki esaslandyrylandygyna baglydyr.

Umuman aýdylanda, wezipe gözükdirijisi wezipäniň atlandyrylyşyny we onuň kärhananyň gurluş düzümindäki ornuny; işgäre ýüklenilýän işleri; işgäriň derejesini; işgäriň hünär bilimine bildirilýän talaplary; işgäre ýörite bilimler, kanunçylygyň kadalary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary babatda bildirilýän talaplary; işgäre tabşyrylýan zähmet işi; özüne tabşyrylan zähmet işiniň çäklerinde işgär tarapyndan ýerine ýetirilmeli işleriň görnüşleri; zähmeti goramak boýunça işgär üçin berjaý edilmegi hökmany bolan esasy talaplary; işgäriň hukuklary we ygtyýarlyklary, olaryň gysgaça häsiýetnamasy; işgäriň kärhananyň beýleki wezipeli adamlary bilen özara gatnaşygy; öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmedik ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmedik mahalynda, işgär babatda ulanylmagy göz öňünde tutulýan jogapkärçilik çäreleri bir manyly we düşnükli açyp görkezmekdir. Wezipe gözükdirijisiniň ýazgysy resminamanyň esasy many öwüşginlerini özünde saklaýandyr.

Wezipe gözükdirijisiniň ýazgysy iş dolandyryşda kada bolşy ýaly hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 21-nji maddasyna laýyklykda, döwlet dili bolan türkmen dilinde resmileşdirilmelidir. Wezipe gözükdirijisiniň ýazgysynyň düzüminiň esasy elementleriniň, ýagny bölümleriniň atlary bolmalydyr we rim sanlarynda belgilenen belgileri bolmalydyr.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 14-nji maddasynyň birinji böleginiň 3-nji bendine laýyklykda, iş beriji öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýerine ýetiriş we serenjam berijilik häsiýetli namalary çykarmak hukugyna eýedir. Şoňa görä-de, iş beriji wezipe gözükdirijilerini özbaşdak tassyklaýar we güýje girizýär.

Iş berijiniň wezipe gözükdirijisini kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň wekili (ilkinji guramasynyň başlygy) bilen ylalaşmaga borçly bolup durmaýandygyny we şeýle edilmezligiň onuň kanuny güýjüne täsir etmeýändigini bellemelidiris. Wezipe gözükdirijilerini, adatça, işgärler gullugynyň (bölüminiň) ýolbaşçylary ýa-da beýan edilýän wezipäniň öz tabynlygynda bolýan gönüden-göni ýolbaşçysy taýýarlaýar.

Wezipe gözükdirijilerini işläp taýýarlamagyň usulyny hereketleriň aşakdaky yzygiderliligi görnüşinde beýan edip bolar:

— gönüden-göni ýolbaşçynyň bildirýän talaplary we işçileriň hünärleriniň, gullukçylaryň wezipeleriniň tarif-hünär maglumatnamalary esasynda wezipe gözükdirijisiniň ýazgysynyň deslapky taslamasyny taýýarlamak;

— wezipe gözükdirijisiniň taslamasyny işgäriň geljekde özara gatnaşyk etjek bölümleriniň ýolbaşçylary we gönüden-göni öz ýolbaşçysy bilen ylalaşmak;

— gutarnykly nusgasyny resmileşdirmek;

— kärhananyň ýolbaşçysynyň wezipe gözükdirijisini tassyklamagy;

— wezipe gözükdirijisini degişli işgäre geçirmek;

— beýan edilýän wezipede gönüden-göni işe girişýän işgäri onuň bilen tanyşdyrmak.

Haçan-­da, eýýäm wezipäni eýeleýän işgär babatda wezipe gözükdirijisi işlenilip taýýarlanylmaly ýa-da üýtgedilmeli bolsa, onda bu işgär bilen ylalaşylmalydyr. Bu üýtgetmeler bilen işgär ylalaşmaýan bolsa, onda Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde bellenilen zähmet şertnamasynyň şertlerini üýtgetmegiň tertibi, ondan gelip çykýan hukuk netijeleri baradaky kadalaryndan ugur alynmalydyr.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 26-njy maddasynyň dördünji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda wezipe gözükdirijisi bilen işgäri tanyşdyrmalydyr. Çünki ol işgäriň zähmet wezipelerine degip geçýän içerki kadalaşdyryjy hukuk namasy bolup durýar. Işgäri wezipe gözükdirijisi bilen tanyşdyrmaklyk iş beriji ýa-da onuň ygtyýarly edilen wekili tarapyndan guralyp bilner.

Işgäriň wezipe gözükdirijisiniň mazmuny bilen tanyşdyrylandygynyň fakty, onuň şahsy işinde saklanylýan wezipe gözükdirijisiniň nusgasynda çekilen goly bilen resminamalaýyn tassyklanylmalydyr ýa-da bu boýunça ýörite hasaba alyş kitabynyň ýöredilmegi we onuň tanyşdyrylyş sahypasyna işgäriň golunyň çekilmegi bilen tassyklanylsa hem dogry bolar.

Wezipe gözükdirijileri bilen işlemekde möhüm ýagdaýlaryň biri hem olaryň bir gezeklik tanyşdyryp, soňundan ýygnap goýmak üçin däldigidir. Işlenilip düzülen wezipe gözükdirijileri iş ýüzündäki dolandyryş guraly bolup durýar we islendik dolandyryş guraly hökmünde olar:

— kärhananyň işinde hakykat ýüzünde ulanylmalydyr, ýagny işgärleriň alyp barýan işleri wezipe gözükdirijisi bilen öz üstüne ýüklenilen zähmet borçlarynyň berjaý edilişi babatynda belli bir kesgitli döwür içinde wagtal-wagtal barlanylyp durulmalydyr;

— kärhananyň gurluş düzüminiň üýtgemegi, daşky täsirler we şuňa meňzeşler bilen baglylykda yzygiderli kämilleşdirilip we üsti ýetirilip durulmalydyr;

— bölümleriň ýolbaşçylary we işgärleri üçin, meselem, işe täze kabul edilýän işgär diňe gönüdengöni öz wezipesi boýunça wezipe borçlary we hukuklary bilen tanyş bolman, eýsem, öz wezipesi babatda kärhananyň beýleki işgärlerinde ýüze çykýan wezipe borçlary we hukuklary bilen hem tanyş bolar ýaly elýeter bolmalydyr.

 

Allaberdi JEPBAROW, Lebap welaýatynyň Kerki etrap hassahanasynyň işgärler bölüminiň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.