Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

UZ ÝAŞMAK – ZYNAT

Ata-babalarymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleri, däp-dessurlary milli medeniýetimiziň barha baýlaşmagyna hem-de umumadamzat gymmatlygyna öwrülmegine getiripdir. Tälim-terbiýe, maşgala mukaddeslikleri hakdaky düýpli düşünjelerimiz ähli adamzada nusgalyk ynsanperwer garaýyşlary özünde jemleýär. Hut şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiz türkmen halkyny bezeýän bu ajaýyp häsiýetleriň yzygiderli öwrenilmegi hem-de kämilleşdirilmegi üçin taýsyz tagallalary edýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýazyp tamamlan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitaby hem milli däp-dessurlarymyza, asylly ýörelgelerimize bagyşlanyp, durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilim ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, ynsaply bolmak, agzybirlik düşünjelerinden ybaratdyr. Bu ajaýyp eser nesil terbiýesinde aýratyn ähmiýetlidir.

                      surat

Ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuşyna mäkäm ornaşan her bir edim-gylymynda, däp-dessurynda hormat-sylagyň, edep-terbiýäniň, gözelligiň hemde sagdynlygyň özara utgaşygy, sazlaşygy aýdyň duýulýar. Şeýle dessurlarymyzyň biri hem türkmen zenanlarynyň durmuşynda orun alan ýaşmak ýaşynmak adatydyr. Mälim bolşy ýaly, ýaşmak bir tarapdan, birek-birege sylanyşygyň, ýaşuly nesle hormat-sarpanyň, şeýle hem sagdynlygyň we gelşik-gözelligiň nyşanydyr. Halkymyzyň arasynda «Ýaşmak — ýaraşyk» diýen düşünje bar. Türkmençilikde ýaşmak edalylygyň, näzikligiň, asyllylygyň aňladylmasy hasaplanýar.

Täze durmuşyň bosagasyndan ätlän ýaş gelin gaýynenesinden, gaýynatasyndan, gaýynagalaryndan we olaryň ýakyn garyndaşlaryndan ýaşynýar. Şunda zenan öýmesiniň, başatgyjynyň bir ujy bilen agzyny örtýär. Ýaşynýan adamlarynyň bar ýerinde gaty ses bilen gürlemeýär. Eger ýaşynýan adamlary bilen gürleşmäge zerurlyk çyksa, ýa üm-yşarat bilen, ýa-da juda pessaý ses bilen mälim edýär. Şeýle-de ýanyndaky baldyzynyň, ýüwürjisiniň üsti bilen habarlaşýar. Bu dessurymyzyň edep-edasy «Ýuwaş gelin» atly türkmen filminde hem aýdyň görkezilýär.

Ýaşynmak zenan maşgalanyň diňe daş-töweregindäki adamlara bolan hormat-garaýşyny däl, eýsem, zenanyň hut özüne bolan garaýyş-gatnaşygyny hem kesgitleýär. Özüne üns berýän gelin ýaşmagyny hem gelişdirip daňýar. Ýaşmagyny gelişdirip daňynýan zenan edenli, iş başarjaň, eli hünärli hasap edilýär. Oňa «uz ýaşynmak» hem diýilýär. «Özüne üns berýän gelin öýüne hem üns berýändir. Öýüni oňarmaýan gelniň özüni oňardygy däldir» diýen sözleri il içinde köp eşitmek bolýar. Bu ýerde «öýüni oňarmak» diýlende, gelniň öý işlerine, maşgala hyzmatyna gaýym bolmagy, aýak üstünde durmagy göz öňünde tutulýar.

Zenan maşgalalaryň gyňajynyň ujuna dakylýan ildirgiçli kümüş şaýjagaza «ýaşmagujy» diýilýär. Ýaşmak gaçmaz ýaly, gyňaja ildirilýän, ildirgiçlije kümüş şaýjagaz bolan gyňajujyny dakynmak dessurynyň türkmen zenanlarynyň arasynda 1960-njy ýyllara çenli ýörgünli dowam edendigini zergär zenanlarymyz hem belleýärler. Sagdynlygyň alamaty bolan kümüşden başga-da, dagdan agajyndan ýasalan ýaşmagujyny zenanlarymyzyň häzirki döwürde-de ulanýandyklaryna duş gelmek bolýar.

Ýaşmak, adatça, ýaglygyň beýleki ujuna iňňebagjyk bilen birikdirilýär we gelin ýaşynanda ony dişi bilen gysyp, berkidýär. Ol gönüden-göni «ýaşynmak», «gizlemek», «örtmek» bilen baglydyr.

Ýaşmak ýaşynmak edebi gadymyýetde döräp, häzirki güne çenli dowam edip gelýän ajaýyp däpleriň biridir. Ýaşynmak dessury taryhyň bütin dowamynda öz ähmiýetini ýitirmän, sylaşygyň, maşgala agzalarynyň bir-birege hormatynyň nyşany bolup durýar. Bu düzgün, esasan hem, gaýynatalardan we gaýynagalardan ýaşynmak has köp ýyllap dowam edýär.

Milli däp-dessurlarymyzyň ýoly inçe. Köp halatlarda ýaş gelinleriň ilkinji perzentleri dünýä inenden soň, gaýyneneler öz gelnine sowgat-serpaý ýapmak arkaly ýaşmagyny aýyrmagyna rugsat berýärler. Ýöne şonda-da türkmen gelin-gyzlaryna mahsus utanjaňlyk, gaýyn-gelniň arasyndaky sylag-hormatyň nyşany hökmünde bu dessur gelinleriň soňky perzentleri dünýä inýänçä hem dowam edýär. Diňe şondan soň gelinler gaýyneneleri bilen pessaýja ses bilen gürleşip başlaýar.

Halkymyzda «Ýaşmak — gala» diýlen düşünje-de bar. Ýaşmak gelinleri käbir göwne makul däl geplerden-de goramaga ukyply. Ol gelniň gahar-gazabyny basyp saklamagyna, biraz wagt geçenden soňra bolsa köşeşmegine getirýär. Şol nukdaýnazardan alanymyzda, ýaşmak eý görülýän asylly häsiýetleri özüňde kemala getirmegiň, özüňi terbiýelemegiň, özüňi kämilleşdirmegiň hem terbiýe mekdebidir.

Şonuň üçin uz ýaşynmak gelinlerimizi bezeýän aýratynlykdyr. Olaryň özlerine berýän ünsüniň, öýlerindäki hyzmatynyň, maşgalasyna bolan hormatynyň, edep-ekramlylygynyň, edalylygynyň bir nyşanydyr. Ýaşmak zenan üçin hem zynat, hem hünär, hem edep-terbiýedir.

Milli miras ynsan kämilliginiň gözbaşydyr, nepisligiň hem-de gözelligiň altyn täjidir. Merdana pederlerimiziň döreden edebi hem medeni mirasy, nesilleriň aňyna siňdiren adat kadalary, däp-dessurlary, edim-gylymlary, ýol-ýörelgeleri jemgyýetimiziň ruhy çyragydyr. Şol ruhy çyragyň täzeden parlamagyna ak ýol açan milli Liderimize hormatymyzyň hem buýsanjymyzyň çägi ýok.

 

Gur­ban­gül Ata­ýe­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.