Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AWAZANYŇ GOÝNYNDA MASLAHAT DOWAM EDÝÄR

     Şu günler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş-dynç alyş merkezinde TKA-nyň Milli merkeziniň, Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň guramagynda  “Ylym, bilim ýurdumyzyň sarsmaz binýady – beýik ösüşlerimiziň egsilmez bady” atly okuw maslahaty we Geňeşiň giňişleýin göçme mejlisi geçirilýär. Maslahata  Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň welaýat, etrap Geňeşiniň başlyklary, KA-nyň işjeň agzalary gatnaşýarlar.

     Hemmämiziň bilşimiz ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Bu günki gün Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli hem-de ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.

    Geçirilýän bu okuw maslahatynda  Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda Hormatly Prezidentimiziň ylym bilim ulgamyny ösdürmekde açyp berýän mümkinçiliklerinden peýdalanylyp ýetilen belent sepgitler dogrusynda hem-de Geňeşiň ýylyň dowamynda alyp baran işleri dogrusynda hasabatlar diňlenilýar. Bu okuw maslahaty kärdeşler arkalaşyklarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagy öwrenmekde, bu ugurda ozal bar bolan tejribeleri baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Ylmy we bilimi ösdürmek boýunça alnyp barylýan döwletli tutumlar, ýaşlar hakyndaky yzygiderli aladalar şu günümiziň eşretli, ertirlerimiziň aýdyň
boljakdygynyň kepilidir.

    Okuw maslahatynyň iş meýilnamasyna laýyklykda,  bu ýerde dürli medeni, dynç alyş we sport çärelerine hem geçirmeklik göz öňünde tutulan. Şeýle hem kenar ýakasy boýunça gezelençler, Awazanyň binagärlik keşbini we tebigy gözelliklerini synlamak ýaly dürli çäreler guramaçylykly geçirilýär. Maslahata gatnaşyjylar öwrenmäge, netijeli işlemäge, kämilleşmäge döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýdýarlar. Okuw maslahaty dowam edýär.

 

Şakaka Gazakow,

Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.