Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AÝDYŇ MAKSATLARA EÝERIP

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde ýurdumyzyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda geçýän okuw maslahaty başlandy.

23 — 28-nji oktýabr aralygynda geçirilýän «Ylym, bilim ýurdumyzyň sarsmaz binýady — beýik ösüşlerimiziň egsilmez bady» atly bu okuw maslahaty ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän we bu çärä gatnaşýan bilim işgärleriniň pikir alyşmaklarynda uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap, şäher Geňeşleriniň, ilkinji guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary, derňew toparynyň agzalary we Geňeş agzalary, şeýle hem kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary bolan dürli kärdäki bilim-ylym işgärleri gatnaşýarlar.

Awazada geçirilýän okuw maslahatynda ýaýbaňlandyrylan çykyşlar, esasan, bilim syýasatyny wagyz etmek, bu syýasat boýunça amala aşyrylýan işleriň netijeliligini gazanmak, şeýle hem Zähmet Kodeksine laýyklykda, zähmeti guramak we goramak, tehniki howpsuzlyk çäreleri barada boldy. Kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň zähmetiniň dogry guralmagy, olaryň tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmekleriniň gazanylmagy her bir pudagyň, şol sanda bilim ulgamynyň işgärleri, olaryň saglygy baradaky edilýän aladany, işiniň netijeliligini gazanmaga gönükdirilen tagallany dabaralandyrýar.

«Ylym, bilim ýurdumyzyň sarsmaz binýady — beýik ösüşlerimiziň egsilmez bady» atly okuw maslahatynyň esasy maksady sanly bilim ulgamyny ösdürmek, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we hilini ýokarlandyrmak, bilim ulgamynyň çäklerinde tejribe alyşmak hem-de ony dünýäniň oňyn tejribesi esasynda yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşyklydyr.

Okuw maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň döredýän şertleriniň netijesinde bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylýandygy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylýandygy, bilimiň hiliniň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigi dogrusynda giňişleýin çykyşlar edildi.

Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde bilim işgärleriniň uly orny bar. Şonuň üçin hem geçirilýän okuw maslahatlarda bilim işgärleriň, mugallymlaryň işiniň döwrebap guralmalydygy hakynda bellenilýär. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Işleriň döwrebap guralmagy ýokary hilli bilim hyzmatlaryny almak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda bilim bermegiň döwrebap usullaryndan netijeli peýdalanmak bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, bilim kämil şahsyýetiň kemala gelmeginde hem uly ähmiýete eýe bolup durýar.

«Ylym, bilim ýurdumyzyň sarsmaz binýady — beýik ösüşlerimiziň egsilmez bady» atly okuw maslahaty dowam edýär.

 

Sanjar ATAÝEW,

ýörite habarçymyz.

“Mugallymlar gazeti” gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.