- TM
- RU
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen giň gerim alan köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine goşant goşmak, raýatlarymyza sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi we Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 3-nji sport mekdebi bilen bilelikde guramagynda Balkan welaýatynyň orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda “Türkmenistanyň bagtyýar sagdynlyk we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy” atly şygar bilen sportuň futzal ýaryşy 3-nji sport mekdebinde geçirildi. Futzal ýaryşyna orta mekdep okuwçylarynyň oglanlary gatnaşdylar.
Gyzykly geçen ýaryşda I orna Galkynyş topary, II orna Jebel topary, III orna Gaýrat topary mynasyp boldy.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Berkarar Watanymyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygy hakynda alada edip, her bir adamyň berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmak üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Annamuhammet Mämmetgeldiýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň maliýe-ykdysady bölüminiň müdiri we baş buhgalteri.