Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BEREKETLI SAÇAKLARYŇ BAÝRAMY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan miras galan gadymy daýhançylyk däplerimiz, milli gymmatlyklarymyz gaýtadan dikeldilýär. ”Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Hasyl toýunyň şatlyk-şowhunynyň bereketli türkmen topragyny gurşap alan häzirki günlerinde bular barada söz açmak hasam ýakymly. Çünki, ene topraga yhlas siňdirip, ondan bol hasyl almagyň hötdesinden gelen ata-babalarymyzyň daýhançylyk däpleri bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesindäki tagallalary netijesinde dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen sazlaşykly alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň gadymy daýhançylyk däplerini kämilleşdirmek bilen birlikde, milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan agrosenagat toplumynda ajaýyp üstünlikleri gazanmagyň, oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmegiň gözbaşyna öwrülýär. Rowaçlyklara beslenýän üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň kärendeçi daýhanlarynyň dürli oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde gazanýan üstünlikleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Zähmetsöýer daýhanlarymyzyň şeýle zähmet üstünlikleri olaryň Hasyl toýuna  baýramçylyk sowgatlarydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini daşarky bazarlara çykarmak, oba hojalygyny özgertmek babatdaky maksatlaryna welaýatymyzyň babadaýhanlary hem mynasyp goşant goşýarlar. Munuň ýaly tutumly maksatlary öňde goýýan kärendeçi daýhanlarymyz oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek  hem-de ýygnamak bilen, zähmet üstünliklerine eýe bolýarlar. Döwletimiziň agrosenagat toplumynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen giň gerimde alnyp barylýan düýpli özgertmelerden ruhlanyp, welaýatymyzyň ýer eýeleri rysgal-berekediň baýramy bolan Hasyl toýuna zähmet sowgatlary bilen gelýärler. Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan welaýatyň öňdebaryjy babadaýhanlaryna ýadygärlik sowgatlary gowşurylyp, olaryň zähmet üstünliklerine armasy ýetirilip, gelejekde ýeneki ýyllarda hasyllarynyň bol bolmagy arzuw edildi.Halkymyzyň saçagynyň berekediniň artmagy üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

 

Arslan Çakanow

Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň maliýe-ykdysadyýet bölüminiň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.