Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BEÝIK DÖREDIJILIK KUWWATY – HALKARA HYZMATDAŞLYK, DURNUKLY ÖSÜŞ, ABADAN DURMUŞ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň her bir güni şanly senelere, toý baýramlara, buýsandyryjy wakalara beslenýär. Şeýle buýsandyryjy wakalaryň biri hem güneşli Diýarymyzyň merjen şäheri bolan Aşgabat şäherimiziň “Dizaýn” döredijilik ulgamy boýuança ÝUNESCO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizilendigi barada Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän Medeniýet öýünde “Beýik döredijilik kuwwaty – halkara hyzmatdaşlyk, durnukly ösüş, abadan durmuş” atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahata welaýatymyzyň il sylagly ýaşulylarymyz, kümüş saçly mährem enelerimiz, bilim işgärleri we welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň we Aşgabat şäherimiziň gözellikleri barada birnäçe gyzykly gürrüňleri berdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadygymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy

Hanmuhammet Amangulyýew.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.