- TM
- RU
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, öňdebaryjy ekerançylygyň ýurduna öwrüldi. Oba zähmetkeşleriniň zähmetsöýerligi we taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyz gülläp ösýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly şygary astynda geçýän şu ýyl hem uly üstünliklere beslenip, ýurdumyzyň saçagy bereketli önümlerden dolduryldy. Bularyň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň, önümçiligi ösdürmegiň, gowaçanyň hem-de dänäniň ýokary hilli görnüşleriniň ekilmeginiň, döwrebap agrotehnikalaryň ornaşdyrylmagynda netijeli amala aşyryldy.
Şunda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, telekeçilik başlangyçlary, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek höweslendirilýär. Daýhan birleşikleriniň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý, gowaça we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýer gaznalary döredildi. Şol gaznalar bu ekinlerden, gök hem-de bakja ekinlerinden bol hasyl almak, ýeralma, üzüm we miwe öndürmek üçin niýetlenendir.
Hojalyk işi bilen baglanyşykly meseleleri özbaşdak çözmek hukugyna eýe bolan kärendeçiler, daýhanlar, daýhan birleşikleri, hususyýetçiler, oba hojalyk önümlerini öndürmek, taýýarlamak şeýle hem gaýtadan işlemek, saklamak, daşamak, ýerlemek bilen meşgullanýan telekeçiler içerki bazarlarda azyk bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşup, ondan artygyny daşary ýurtlara eksport edýärler.
Şanly waka mynasybetli güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly welaýatymyzda dabaraly maslahatlar, çäreler geçirildi. Mähriban topragymyzyň sahawatlylygyny görkezýän birnäçe sergiler gurnaldy. Bu dabaraly maslahata welaýatymyzyň halk hojalygynyň öňdebaryjy wekilleri gatnaşdylar. Hasyl toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri, beýleki oba hojalyk hünärmenlerini sylaglamak dabarasy boldy.
Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyş sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy
Hanmuhammet Amnagulyýew.