- TM
- RU
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli medeniýetimizi, mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek, ösdürmek we geljek nesillere ýetirmek, şonuň esasynda hem ruhy taýdan baý, kämil nesilleri terbiýeläp ýetirşdirmek ugrunda işler dowam etdirilýär. Watanymyz dünýäde deňi-taýy bolmadyk meşhur halylaryň, şaý-sepleriň, zergärçilik, külalçylyk sungatynyň, senetçiligiň, ussaçylygyň gadymy mekanydyr.Bu toprakda amaly-haşam sungatynyň gaýtalanmajak nusgalary döredilipdir.
2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halysy we onuň şekilleriniň, nyşanlarynyň, tükeniksiz nagyş gözelliginiň, şahyranalygynyň çäksiz dünýäsi hakynda gürrüň berýän “Janly rowaýat”, we “Arşyň nepisligi” atly eserlerini türkmen halkyna peşgeş berdi. Şol kitaplarda getirilen jümleleri, etnografik aýratynlyklary türkmen haly sungatyna, onuň bilen baglanyşykly bolan däp-dessurlara, rowaýatlara, milli mirasymyza ser salanyňda, türkmen zenanlarynyň aň düşünjesiniň, akyl-paýhasynyň, örän ýokary derejede bolandygyna göz ýetirýärsiň. Türkmen halysynyň gözelligi her bir ynsanyň ruhy teşneligini gandyrýar. Ýaşaýşa, ruhy gözelliklere bolan höwesini artdyrýar. Haly türkmen durmuşynda mukaddeslige eýe bolan gözelligiň ajaýyp nusgasydyr. Pähim –paýhasly ene mamalarymyz nepis halylaryna gözellik, ynsanperwerlik, adalatlylyk, ýagşylyk ýaly asylly ýörelgelerini, ata Watana, mukaddes topraga, ene-ata bolan söýgülerini siňdiripdirler.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz pajarlap ösýän we halkara abraýy barha artýan ajaýyp döwlete öwrüldi. Ajaýyp zamanamyzda bagtyýar raýatlarymyz öz eşretli durmuşyna buýsanyp ýaşaýarlar. Çünki Hormatly Prezidentimiziň adyl syýasaty halkyň asuda durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada ýugrulandyr. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze döwründe amala aşyrylýan ägirt uly işler diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem bütin dünýäniň röwşen geljegini, abadan durmuşyny nazarlaýandygy bilen halkara jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Dünýäniň parahatlygy we adamzat jemgyýetiniň abadan durmuşy hakynda beýik tagallalar edýän eziz Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen eziz Watanymyzda taryhy ösüşler we uly özgertmeler bolup geçýär. Ýurdumyzda gurulýan binalar sanardan köp. Diýarymyzyň dürli künjeginde gurlup ulanylmaga berilýän çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleriniň binalary, ýaşaýyş jaýlary, sport toplumlary, medeniýet merkezleri, hassahanalar halkymyza hyzmat edýär.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň geçmiş taryhyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Türkmen halky geçmişde dünýä medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan halkdyr.
Türkmenistanyň ýerlerinde geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan maddy we ruhy medeniýetimize degişli arheologik gymmatlyklar eziz Watanymyzyň şöhratly taryhynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýandygyny görkezýär. Şol şanly geçmişiň dowamynda halkymyzyň maddy we ruhy medeniýetiniň ençeme gymmatlyklaryny döredipdir, olaryň naýbaşylarynyň biri-de halyçylyk sungatydyr.Halyçylyk sungatynyň däpleriniň köp asyrlyk taryhy bar. Türkmen halylary barada ilkinji ýatlamany ХIII asyrda italýan syýahatçysy Marko Polo galdyryp gidipdir. Ol öz kitabynda şeýle ýazýar: “Bu ýerde, bilýäňizmi, dünýäde iň nepis owadan halylar dokalýar, şonuň ýaly-da bijaý gowy, gymmatbaha gyzyl hem başga reňkli matalar dokaýar, başga-da köp zatlar öndürülýär”. Eger-de Marko Polonyň döwründe halylar Türkmenistanda nepislik we owadanlyk babatda şeýle derejä ýeten bolsa, onda haly önümçiliginiň taryhda has irki döwürlerde kök urandygyny çaklamak kyn däl bolsa gerek, çünki haly halkyň arasynda çykan ady näbelli ussat zenanlaryň ençeme nesliniň döredijilikli zähmetiniň önümidir. Haly dokamak däbi nesilden-nesle geçip, asyrlaryň dowamynda kämilleşipdir. Haly dokamagyň tehniki taýdan kämilligi we nagyşlarynyň çeperçiligi, öwüşgüni ony türkmen halkynyň amaly sungatynyň beýleki görnüşleriniň içinde ilkinji hatarda goýýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda 1920-nji ýylda Gyzylarbatda (häzirki Serdar şäheri), 1927-nji ýylda Gökdepede, 1929-njy ýylda Kerkide, Bäherdende, Daşoguzda, Maryda, Halaçda köpçülikleýin haly we haly önümlerini dokaýan kärhanalar döredildi.
Halylaryň nagyşlarynyň gelip çykyşynyň hakyky esaslary bar. Haly nagyşlarynda halyçyny gurşap alan hakyky dünýä: ösümlik we haýwanat dünýäsi, suwarymly ekin meýdanlary ýerleşdirilen görnüşinde görkezilýär. Asyrlaryň dowamynda diňe sähelçe üýtgeşmä sezewar bolan, bu nagyşlar aýdyň görnüşli milli häsiýete eýedir.
Häzirki döwürde Ahal we Mary welaýatlarynyň etraplarynda dokalýan, merkezi bölegine “guşly göl”, “garly göl”, “salyr göl” salnan halylar teke halylarydyr.Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda we Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda dokalýan halylaryň merkezi bölegine “garçyn göl”, “pendi göl” (oňa “aýna göl” hem diýbilýär), “çakmak göl” “gyýma göl” nagyşlary salnan bolsa, olar pendi halylarydyr.
Balkan, Daşoguz welaýatlarynyň etraplarynda dokalýan halylaryň merkezi bölegine “gabsa göl”, “dyrnak göl” “japarbaý göl” “pyşbaga” nagyşlary salnan bolsa olar ýomut halylarydyr.
Lebap welaýatynyň etraplarynda dokalýan, merkezi bölegine “gülli göl”, “derweze göl” “küňrewli göl”, “bäş aý beşir”, “harran beşir”, “ýylan beşir” nagyşlary salnan halylar ärsary halylarydyr.
Daşoguz welaýatlarynyň etraplarynda dokalýan halylaryň merkezi bölegine “gülli göl”, “guşly göl”, “wazzyk göl”, “dyrnak göl” “towuk göl” nagyşlary salnan halylar ýomut halylarydyr.
Roza Baýramowa,
Daşoguz çeper halyçylyk
kärhanasynyň KAIG-nyň başlygy.