- TM
- RU
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň öňündäki meýdançada özboluşly bezelen sahnada Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik topary öz taýýarlan edebi-çeper çykyşynda Magtymguly Pyragy, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlaryň, milli we dünýä dramaturgiýasynyň nusgalyk gahrymanlarynyň keşplerini janlandyrmak arkaly myhmanlary garşylaýarlar. Dabaraly aýdym-sazlar ýaňlanyp, alypbaryjylar dürli dillerde teatr festiwalynyň açylýandygyny yglan edýärler. Teatryň girelgesiniň öňünde teatr sungatynyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny, döwletleriň we halklaryň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny baýlaşdyrmakda goşýan goşandyny beýan edýän sazly-horeografik çykyş ýaýbaňlandyryldy. Artistler dürli dillerde milli medeni mirasymyzy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ägirt uly işlerini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gazananlaryny wasp etdiler.
Görkezilen eserleriň hatarynda türkmen kino we teatr sungatynyň görnükli wekilleriniň çekilen suratlary, kino eserlerinden pursatlary janlandyrýan köp sanly görnüşler, sahna bezegleri, teatr lybaslary, amaly-haşam sungatynyň nusgalary, sahna bezegleriniň maketleri, milli medeniýetimize, sungatymyza bagyşlanan kitaplar, suratlara baý neşirler, meşhur bagşy-sazandalaryň çykyşlarynyň, sahnalaryň ýazgylaryny özünde jemleýän ses hem-de wideoýazgylar bar. Bu sergi tutuşlygyna aýry-aýry türkmen teatrlarynyň, şol sanda ýurdumyzyň teatr sungatynyň merkezi hökmünde paýtagtymyzyň baý döredijilik durmuşyny, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny, ruhy dünýäsini şöhlelendirdi. Soňra dabaraly festiwala gatnaşýan döwletleriň ýurdumyza gelen döredijilik wekiliýetleriniň gutlag çykyşlary bilen dowam etdi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni
Ýeňiş Oraznepesow.