- TM
- RU
Daşoguz welaýat Köp ugurly hassahanasynyň mejlisler zalynda welaýat Saglygy goraýyş müdürliginiň guramagynda 17-nji noýabr “Öýkeniň dowamly obstrutiw kesellerne garşy bütündünýä güni” mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Daşoguz welaýatynyň saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda: Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany Kakaýewa Oguşirin, Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany Haljanow Begenç, Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany Ýegennazarowa Gözel, Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany Mamalakowa Maýsa dagylar çykyş etdiler.
Jemgyýetiň we döwletimiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda bahasyna ýetip bolmajak işler amala aşyrylýar. Bu ulgamda dünýäniň ösen döwletleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistan milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertdi we ösdürdi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp maksatly ulgam derejesini berdi. Şeýle hem mähriban Watanymyzda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmek, öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine çykarmak boýunça çäreler yzygider alnyp barylýar we dowam etdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň saglyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň kepilidir. Biziň ýurdumyz Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy, llat gaznasy we beýleki ýöriteleşdirilen düzümler saglyk ulgamynda alnyp barylýan işlerde ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýarlar. Bular dogrusynda maslahatda çykyş edenler giňişleýin belläp geçdiler.
Maslahatyň dowamynda bu ýere ýygnan lukmanlara ýörite sanly ulgam arkaly interaktiw tagtasynyň üsti bilen ýiti öýken sowuklamasyndan goranmak boýunça wideo şekilleriň üsti bilen görkezildi.
Allaberdi Sarykow,
Daşoguz şäher hassahanasynyň başga işlerden boşadylan KA-nyň başlygy.