Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BRÝUSSELDE GEÇIRILEN «MERKEZI AZIÝANYŇ ZENAN LIDERLERINIŇ DIALOGYNA» GATNAŞDY

13-15-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Brýusselde geçirilen «Merkezi Aziýanyň zenan liderleriniň dialogyna» gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Bu çäre Ýewropa Bileleşigi we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň tarapyndan gurnaldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminden Türkmenistanyň Mejlisiniň we Zenanlar birleşiginiň wekilleri orun aldylar. Munuň özi, ýurduň gender deňligine ygrarlydygyny we halkara giňşlikde zenanlaryň ornuny pugtalandyrmagyň tarapdarydygyny görkezdi.

Forumyň maksatnamasy ÝB-niň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşyklary öz içine aldy. Duşuşyklaryň dowamynda zenanlaryň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekdäki ornundan başlap sebitdäki durmuş-ykdysady üstünliklere çenli dürli ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň çäklerinde, hususan-da, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ÝB-niň gender meselelri we dürlüligi boýunça ilçisi, Ýewropanyň Parahatçylygy döretmek ulgamyndaky aragatnaşyklar býurosynyň müdiri, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa Komissiýasynyň baş direktorynyň orunbasary, Demokratiýa we demografiýa meseleleri boýunça Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti, şeýle-de Ýewropa Parlamentiniň deputatlary bilen duşuşyklar geçirildi.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanda gender deňliginiň konstitusiýa esasynda kepillendirilendigini belläp, zenanlaryň hukuklaryny pugtalandyrmakda ýurtda gazanylan üstünlikleri paýlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, zenanlaryň bilim, innowasiýa we ýaşlar syýasaty babatdaky özgertmelere işjeň gatnaşýandygy aýratyn bellenildi.

«Biz gazanan üstünliklerimize we zenanlaryň hukuklary bilen baglanyşykly BMG-niň konwensiýalaryna işjeň gatnaşýandygymyza buýsanýarys. Milli maksatnamalarymyz, durmuşyň ähli ugurlarynda zenanlary goldamaga gönükdirilendir» diýip, türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty J.Öwek owa belledi.

Halkara forum tejribe alyşmak we zenanlaryň hukuklary babatynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin amatly platforma boldy. Oňa türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy dünýä arenasynda gender deňligini ýokarlandyrmakda Türkmenistanyň möhüm ornunyň bardygyny görkezdi.

 

https://turkmenportal.com/tm/blog/70029

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.