- TM
- RU
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen giň gerim alan köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketine goşant goşmak, raýatlarymyza sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki ýerleşýän orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň arasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda “Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIII Spartakiada Türkmenbaşy şäheriniň sport desgasynda geçirildi. Köpçülikleýin sport çäresiniň baş maksady sagdyn, ruhubelent nesil terbiýeläp ýetişdirmek, köpçilikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň sagdyn, berk bedenli bolmaklary baradaky görkezmelerini durmuşa geçirmekden ybarat. Türkmenbaşy şäherindäki orta mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen woleýbol ýaryşynda 1-nji ýer 12-nji orta mekdebiniň, 2-nji ýer 15-nji orta mekdebiniň, 3-nji ýer 1-nji orta mekdebiniň toparlary ýeňiji boldy.
Berkarar Watanymyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygy hakynda alada edip, her bir adamyň berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmak üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Bugraýew Kuwat,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň hojalyk bölüminiň esasy hünärmeni.