- TM
- RU
Şeýle at bilen Kakaetrabynyň Mehinli obasynda TKA-nyň Kak etrap birleşmesiniň gurnamagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ýaşlar, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.
Duşuşykda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bedew batly ösüşlerini mundan beýläk-de dowam etdirmek üçin geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri döwrüň zerur meseleleriniň biridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi möhüm ähmiýetini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ylmy ösüşlere giň ýol açmagy, bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrýan netijeli we düýpli işleri geljegimiz bolan ýaşlar baradaky beýik işler barada belläp geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz öz halkynyň, Watanyň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin Gahryman Arkadagymyza, şol işleri mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Ýagşymyrat Çaryýew,
Kaka etrabyndaky Dokma toplumynyň
Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji
guramasynyň başlygy.