Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÇAGA EZIZ EDEBI ONDANAM EZIZ

Hakykatdan-da, çaga eziz, edebi ondan-da eziz. Munuň şeýledigini çaga terbiýesi hat-da köpýyllyk iş tejribe aýdyň subut edýär. Çagalykda kalba siňen iň ajaýyp edep-terbiýe duýgusy ynsanyň bütin ömriniň bezegi, ýol görkezijisi bolup durýar.

Çaganyň öz eziz maşgala çäginden çykyp, köpçülige goşulýan edep-terbiýe ojagy bolsa mekdebe çenli çagalar edaralarydyr. Köpçülik çaganyň terbiýesine, kämil ösüşine oňaýly täsir edýär. Bu babatda, ýurdumyzyň çagalar bakja-baglarynyň ýolbaşçylaryna, terbiýeçilerdir enekelere uly jogapkärçilik düşýär. Muňa dogry düşünip, öz gündelik zähmetini çaga terbiýesi ýaly sogap işe bagyş edýän terbiýeçileriň ençemesi etrabymyzyň çagalar bagy bilen birlikde, 19-njy çagalar bakja-bagynda zähmet çekýän işgärler has öwgä mynasypdyr.

Bu bakja-bagynda 9 toparda 162 çaga terbiýelenýär. Bu ýerde çagalar terbiýeçileriň mähir-aladasy bilen gurşalandyr. Biziň çagalar bakja-bagymyzda tejribeli terbiýeçileriň birnäçesi zähmet çekýär. Gündelik zähmetde halypa şägirtlik ýolunyň giňden ornaşdyrylmagy terbiýeçilik işleriniň ilerlemegine itergi berýär. Netijede, Aýgül Çaryýewa, Zübeýda Daňatarowa, Ogulbagt Rejepowa ýaly ýaş terbiýeçiler öňdebaryjylaryň hataryna goşuldylar.

Şu ýerde çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde we saglyklaryna gözegçiligi yzygiderli alyp barmakda dil düzediş mugallymy Irina Çaryýarowa, şepagat uýasy Bibihajar Ataýewanyň bitirýän işleri aýratyn belläp geçmäge mynasypdyr. Terbiýeçi-usulçy Jahan Abaýewanyň  guramaçylyk ukyby bolsa çagalarymyzyň etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklerde şowly çykyş etmeklerine itergi berýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň aprel aýynda “Diller dostluk köprüsi” atly daşary ýurt dilleri boýunça geçirilen bäsleşigiň etrap tapgyrynda  1-nji orna, “Bir bar eken, bir ýok eken” atly erteki bäsleşiginde 2-nji orna mynasyp bolmagy muňa şaýatlyk edýär.

Elbet-de, çaga bedeni elmydama ösüşde. Şonuň üçin olary howa, Gün, suw şertlerine uýgunlaşdyrmaklyga-da yzygiderli üns berilmeginiň ähmiýeti uludyr. Munuň üçin taplama çäreleri yzygiderli geçirilýär.Her ýylyň maý aýyndan başlanýan howa, suw bilen çaga bedenini taplamak çäreleriniň kada-düzgüni bolsa ýurdumyzyň ähli çagalar bakja-baglarynyň terbiýeçilerine tanyşdyr. Bu taplama çäreleri göwnejaý geçirilýär.

Goý, ýaş nesle bagtyýar çagalygy bagyş edýän, durmuşyň gül-gunçalary barada elmydama aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun.

 

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler

arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň başlygy:                                           

Myrat Çaryýew.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.