- TM
- RU
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän döwletimizde sanly ykdysadyýet konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi barada uly işler alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen durmuş hyzmatlarynyň düzümi we hili kämilleşdirilýär, şeýle hem telekeçilik we zähmet şertleri babatynda täze mümkinçilikleri döretmek bilen, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, sanly ykdysadyýetiň milli gurşawynyň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiň ählumumy ekoulgamyny we sanly giňişligini döretmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär, döwlet we ýerli öz-özüni dolandyryş ulgamlarynyň netijeliligi ýokarlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda sanly ykdysadyýet konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen ähli pudaklarda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Amala aşyrylýan çäreler ýurtda eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki, şol sanda belli daşary ýurt kompaniýalarynyň, bilelikdäki kärhanalaryň, paýdarlar jemgyýetleriň gatnaşmagynda has-da ösen aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegine ýol açýar. Milli ykdysadyýetimiziň sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny düýpli özgertdi. Elektron kommunikasiýasynda hyzmatlaryň dürli görnüşleri peýda boldy. Edaralar, kärhanalar tarapyndan maglumatlary we habarlary alyşmak üçin elektron poçtasy giňden peýdalanylýar. Tiz kompýuter aragatnaşygy giň ýol alýar. Ony ulanyjylara sebitleýin, milli we halkara çeşmelerinden maglumatlaryň toplumy, bank amallary amala aşyrylýar, söwdalara gatnaşmak teklip edilýär. Döwletiň we telekeçiligiň kompýuter tilsimatly ulgamlary öz müşderilerine maglumatlary we interaktiw amallary geçirmek üçin elýeterli internet hyzmatlary hödürlenilýär.
Artykgurban ŞANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap
birleşmesiniň baş buhgalteri.