Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AK ARZUWLARYŇ ŞÄHERI

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Merkezi Aziýanyň merjen şäheri ak şäherimiz Aşgabat şäheri şol bir wagtyň özünde ýurduň iri administratiw-syýasy,ulag,söwda we ylmy-medeni merkezine öwrüldi.

      Ak mermerli Aşgabat şäheri 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri höküminde Ginnesiň rekortlar kitabyna girizildi,we bu neşiriň degişli şahadatnamasy gowşuryldy.Her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni  bellenilip  geçilýär. Ine ýany ýakynda hem Diýarymyzyň merjen şäheri bolan Aşgabat şäherimiziň “Dizaýn” döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESKO-nyň şäherleriň döredijilik toruna girizilenligi barada ýene bir hoş habar gelip gowuşdy.Aşgabat şäheri diplomatiýanyň hemde bitaraplygyň sebitleýin we halkara mekezi hökümindäki abraýy hem barha artýar.Mälim bolşy ýaly,Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde,eziz Diýarymyzyň baş şäherinde şäherinde şähergurluşyk-binägärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.Bu bolsa ak mermerli Aşgabadyň birnäçe binalarynyň,şol sanda paýtagtymyzyň özüniň Ginnesiň rekortlar kitabyna girizilmegine ýardam etdi.

      Goý,häzirki döwürde işjeň syýasy,işewür,medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň jemlenen ýeri bolan Aşgabat şäheriniň gülläp ösmegi üçin taýsyz tagallalary edýän mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Ak bugdaý etrap birleşmesiniň işgäri 

Şirin Bekmuradowa.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.