Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BEDEN WE RUHY TAÝDAN SAGDYN NESIL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ösüp gelýän ýaş nesilleriň, talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda milli maksatnamalarymyz, toplumlaýyn özgertmelerimiz üstünlikli durmuşa geçirilýär. Aýratyn-da, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly, halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly sport we bedenterbiýe döredijilik başlangyçlaryny, olary durmuşa geçirmäge bolan maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem-de güýjüň esasy çeşmesidir.Häzirki  döwürde halkyň , ozaly bilen , ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramagy birinji derejeli möhüm wezipe bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman bedenterbiýe –sagaldyş toplumlary , köpugurly stadionlar , sport mekdepleri, türgenleşik zallary hem-de zerur bolan ähli enjamlar bilen üpjün edilen beýleki ugurdaş desgalar bina edildi we olaryň gurluşygy dowam etdirilýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde sport hem-de bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça öňe süren başlangyçlary häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ilatyň saglygyny berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimizde berkarar etmek amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu syýasat bolsa durmuş ugurlydyr. Has takygy, sagdyn durmuş ýörelgesi Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda baky hemramyzdyr. Goý, şeýle buýsandyryjy ösüşler dowamat dowam bolsun! Eziz Diýarmyzy sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurduna öwüren Gahryman arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Türkmenistanyň Döwlet edaralarynyň

Işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň

Esasy hünärmeni Oguljan Ýalkabowa.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.