- TM
- RU
Golaýda, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň merkezi kitaphanasynda, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okaýjylaryň kitaba bolan höwezini artdyrmak, okaýjylar köpçiligini kitaphana işine işeňňir çekmek, halkymyz üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç bolup hyzmat edýän kitaplary wagyz etmak maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli paýhasyndan syzylyp çykýan her bir eserinde kitap okamaklyk barada aýratyn nygtap geçýän “Adamzadyň geljegi kitaby köp okaýanlaryň elinde bolar” diýen ýörelgelerinden ugur alyp ýörite düzülen meýilnama esasynda “Ýylyň okaýjysy” bäsleşiginiň Görogly etrap tapgyry geçirildi. Guramaçylykly geçirilen bu bäsleşik örän gyzykly we täsirli boldy. Onda ýylyň dowamynda iň köp kitap okan okaýjy Pirjanow Kakajan bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa işjeň gatnaşan hem-de ýeňiji bolan kärdeşler arkalaşyklarynyň Görogly birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Aýnabat Saparowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Görogly etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.