Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BAGTYÝARLYK DÖWRÜNDE ÝURDUMYZDA ZENANLARYŇ HUKUKLARY BARADAKY KANUNÇYLYGYŇ KÄMILLEŞDIRILIŞI” ATLY DUŞUŞYK MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda zenanlaryň hukuklary baradaky kanunçylygyň kämilleşdirilişi” atly dabaraly maslahaty geçirildi.

«Türkmenistan-rowaçlygyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şöhratly ösüşlerini wagyz etmekde we ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly beýik özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmakda saldamly goşantlaryny goşýarlar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary we Zenanlar birleşigi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatdaky maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine, döwlet kanunçylygyny kämilleşdirmek işlerine işjeň gatnaşýarlar.

Türkmenistanda aýallaryň ýagdaýy, aýallar barasynda ýöredilýän döwlet syýasatynyň umumy strategiýasy we ileri tutulýan ugurlary bilen kesgitlenilýär, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda deň hukuklar we azatlyklar ýörelgesini durmuşa geçirmek, erkekler we aýallar üçin deň mümkinçilikleri döretmek bolsa, onuň maksady bolup durýar. Zenanlaryň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak we döwlet tarapyndan üpjün etmek jemgyýeti durnukly ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzda eneligi goldamaga, zenanlaryň döwletimizdäki we jemgyýetimizdäki derejesini hem-de ornuny ýokarlandyrmaga, milli kanunçylyga we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň şeýle syýasaty zenanlaryň ýokary durmuş, ykdysady we zähmet işjeňligini şertlendirýär.

Häzirki wagtda, jemgyýetiň doly hukukly, sazlaşykly ösen we durmuş taýdan işjeň agzalary bolan ýurdumyzyň aýallary halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşyna giňden gatnaşýarlar.

Gender deňligi nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň kanunçylygynyň halkara kadalaryna laýyklaşdyrylmagy we ýagdaýlaryň gender seljerilmegi, ösüşde gender tapawutlarynyň we zenanlaryň ýagdaýlarynyň esasy görkezijilerine berlen synyň netijeleri ýurtda dürli ulgamlarda ösüşiň gazanylandygyny we gender syýasatyny ösdürmek işiniň dowam edýändigine şaýatlyk edýär.

“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda zenanlaryň hukuklary baradaky kanunçylygyň kämilleşdirilişi” atly şu günki maslahatda:

- Ataýewa Gurbangül Kakalyýewna - Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty;

- Myradowa Baýramsoltan - Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty;

- Eýeberdiýewa Orazgül - Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy;

- Abdyresulowa Aýbölek - “Watan” gazetiniň bölüm redaktory;

- Hojaýewa Mährijemal - Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryň Milli merkeziniň Kärdeşler arkalaşygynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň hukuk gözegçisi;

- Sahatmyradowa Tawus - Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryň Milli merkeziniň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisi çykyş etdiler.

Ýurdumyzda uly ynamdan we abraýdan peýdalanýan jemgyýetçilik guramalary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygyny goramakda, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, mähriban Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende galdyrmakda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerini hormatly Arkadagymyzy ynandyrýarlar.

Duşuşygyň soňunda bagtyýar durmuşy peşgeş beren, halkymyzyň milli mirasyna uly sarpa goýýan Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza il-ýurt bähbitli bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölümi.

Gözle

© www.tradeunions-kardesh.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.