Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň degişli meýilnamalary esasynda onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda we guramalarda okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, hukuk goraýjy edaralaryň gatnaşmagynda korrupsiýa garşy göreşmek barada wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Ýakynda Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar ýetginjekler sport mekdebiniň «Aşgabat» köpugurly stadionynyň kärdeşler arkalaşygynyň, Milli Olimpiýa sport köşgüniň bilelikde guramagynda stadionyň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, metbugat merkeziniň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory Toýly Abdullaýew çykyş edip, korrupsiýa garşy göreşmek barada giňişleýin gürrüň berdi.
Lälegül SARYÝEWA, Futbol boýunça GOÝÇÝSM-niň direktorynyň orunbasary.
Türkmen sporty gazeti.