Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklary
Published on Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklary (https://www.tkamm.gov.tm)

Baş sahypa > DIL BILMEK — BAÝLYK

12.05.2022

Ýaş nesliň terbiýeli, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda irginsiz zähmet çekilýär. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlaryň dil öwrenmek endigini ýüze çykarmakda degerli işler alnyp barylýar.

Çagalara daşary ýurt dilleri heniz olar çagalar bagyna gatnaýan döwründen öwredilip başlanýar. Häzirki wagtda çagalar baglarynda körpelere rus hem iňlis dilleri öwredilýär. Olaryň bu babatynda zehinini ýüze çykarmakda bolsa mugallymlaryň çekýän zähmeti uludyr.

Daşary ýurt dillerine bolan garaýşy ösdürmek üçin çagalaryň arasynda düşündiriş işleri geçirilýär. Olaryň zehinini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda bolsa dürli bäsleşikler guralýar.

 

Sähra AKGAÝEWA.

Sakarçäge etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň işgäri, KA-nyň işjeň agzasy.

Maru-şahu jahan gazeti.


Source URL: https://www.tkamm.gov.tm/tm/content/14394