TK |
|
TKAMM logo
/ Habarlar / Milli merkez / TÜRKMEN ATÇYLYK SUNGATYNYŇ HALKARA ABRAÝY DÜNÝÄ D…
07.07.2026 Milli merkez

TÜRKMEN ATÇYLYK SUNGATYNYŇ HALKARA ABRAÝY DÜNÝÄ DOLÝAR

         Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gurnamagynda 2026-njy ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde  «Ga­raş­syz,  ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew  bat­ly at-my­ra­dyň me­kany» ýy­ly: türkmen milli atçylyk sungatynyň halkara abraýynyň dünýä dolmagy atly dabaraly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Halkymyz bedew aty rowaçlygyň nyşany hökmünde milli gymmatlygy, baýlygy saýylýandygy, Ahalteke bedewiniň gözelligi türkmeniň milli atçylyk sungatynyň halkara abraýynyň dünýä dolmagy, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler we Garaşsyzlygyň beren miweleri we onuň ähmiýeti dogrusynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Belent Mertebeli Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwrümizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny we Bitaraplyk ýörelgelerini pugtalandyrmak, ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, boýunça beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, «Ga­raş­syz,   ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­kany» ýy­lyn­da  ençeme ta­ry­hy wa­ka­la­ryň şa­ýa­dy bolup, şu şan­ly ýyl­da gurul­ýan tä­ze des­ga­lar, se­na­gat kär­ha­na­la­ry, me­de­ni-dur­muş  mak­sat­ly bi­na­lar uly mak­sat­la­ra we my­rat­la­ra ta­rap ynam­ly ga­dam urul­ýan­dy­gy­ny, bir söz bi­len aý­dy­lan­da, bi­ziň  nu­ra­na ýy­ly­my­zyň çuň ma­ny­ly şy­ga­ry bü­tin halky­my­zy tä­ze ta­ry­hy üs­tün­lik­le­re, yl­my açyş­la­ra we hal­ka­ra de­re­je­dä­ki ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dyr­ýan eg­sil­mez güýç­digi barada birnäçe çykyşlar diňlenildi we maslahata gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.

         Şeýle hem Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi.

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Milli merkeziniň Guramaçylyk we

 medeni-köpçülik işleri bölüminiň

esasy hünärmeni Tawus Çaryýewa

 

Degişli Habarlar