TK |
|
TKAMM logo
/ Habarlar / Milli merkez / “BILIM IŞGÄRLERINIŇ HUKUK GORAGY: HÄZIRKI ZAMAN Ş…
16.07.2026 Milli merkez

“BILIM IŞGÄRLERINIŇ HUKUK GORAGY: HÄZIRKI ZAMAN ŞERTLERINDE KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARYNYŇ ORNY” ATLY HALKARA MASLAHAT

2026-njy ýylyň 8-11-nji iýuly aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl welaýatynda “Bilim işgärleriniň hukuk goragy: häzirki zaman şertlerinde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny” atly halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň wekiliýeti, ýagny TKAMM-yň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy Perhatmuhammet Öwezow, TKAMM-yň Maliýe-ykdysady bölüminiň müdiri-baş buhgalter Kakageldi Bugraýew we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Täze tehnologiýalar we innowasiýalar bölüminiň başlygy, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Bahar Annagurbanowa dagylar 2026-njy ýylyň 7-12-nji iýuly aralygynda  Gyrgyz Respublikasynda gulluk iş saparynda boldular.

Halkara maslahatynyň dowamynda guramaçylaryň gutlag çykyşlary, HZG-nyň wekiliniň çykyşy, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň wekiliýetiniň adyndan Bahar Annagurbanowa “Merkezi Aziýada kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygy: Türkmenistanyň tejribesi we hyzmatdaşlygyň amaly ugurlary” atly tema bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň ýurdumyzyň Konstitusiýasyna, zähmet kanunçylygyna we “Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýandygyny, bu kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kärdeşler arkalaşyklaryna işgärleriň bähbitlerine wekilçilik etmek, köpçülikleýin gepleşiklere gatnaşmak, zähmeti goramak, durmuş goldawy we işgärleri taýýarlamak meseleleri bilen meşgullanmak, şeýle hem halkara gatnaşyklary ösdürmek ýaly hukuklary berýändigini belläp geçdi.

Türkmen wekiliniň çykyşynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe amaly teklipler, ýagny sebitiň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda yzygiderli iş gatnaşyklaryny berkitmek, umumy maglumat-hukuk binýadyny döretmek, zähmeti goramak meseleleri boýunça tejribe alyşmak, bilim we ylym işgärlerini goldamak, şeýle hem ýaşlar bilen iş alyp barmak we zenanlary kärdeşler arkalaşygynyň işine çekmek bilen bagly ähmiýetli teklipler hödürlenildi.

Gazagystanyň wekiliýeti bilimi sanlylaşdyrmak we kärdeşler arkalaşyklarynyň işi bilen baglanyşykly meseleleri beýan etdi. Özbek tarapy kärdeşler arkalaşygy guramalarynyň özgertmeleri we ösüşi, olaryň gurluşynyň hem-de wezipeleriniň güýçlendirilmegi barada gürrüň berdi. Täjigistanyň wekiliýeti bilim işgärleriniň hukuklaryny goramak boýunça kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň synyny hödürledi. Azerbaýjanyň wekili ýurduň milli bilim ulgamynyň we kärdeşler arkalaşygy işiniň aýratynlyklary barada çykyş etdi.

Halkara derejesindäki çykyşlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmasynyň bardygyny tassyklady. Umumy meseleler hökmünde zähmet işiniň sanlylaşdyrylmagy, hukuk binýadynyň güýçlendirilmegi, kärdeşler arkalaşyklarynyň guramaçylyk gurluşlarynyň ösdürilmegi we ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň zerurlygy bellenildi.

 

P.Öwezow, Awtoulaglar we ýol hojalyk

işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy.

Degişli Habarlar